Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary dowam edýär

22:4504.10.2021
0
11063

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana iki günlük resmi sapary başlandy. Şu gün Kuksaroý kabulhanasynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçirilýär. Gepleşikleriň barşynda ilkinji nobatda söwda, ulag we üstaşyr, energetika, senagat, oba hojalygy we suw dolandyryşy boýunça hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýär.

Düýn - 4-nji oktýabrda, saparyň birinji güni Özbegistanyň Halkara howa menzilinden türkmen we özbek Liderleriniň awtoulag kerweni Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna tarap ugrady. Döwlet berkararlygyny, özygtyýarlylygy hem-de özbek halkynyň abadan durmuşa bolan arzuw-hyýallaryny alamatlandyrýan bu ýadygärlik Daşkent şäheriniň ajaýyp künjekleriniň birini bezeýär.

Granit daşyndan bina edilen bu ýadygärlikde Özbegistanyň çäkleri görkezilen Ýer togalagy şekillendirilipdir. Binanyň ýanynda “Bagtyýar ene” diýen ýene bir ýadygärlik oturdylypdyr. Onda elinde perzendini saklaýan enäniň heýkeli goýlupdyr. Çuňňur many-mazmuna beslenen enäniň bu keşbi nesilleriň dowamatlylygyny, köpasyrlyk milli ýörelgelere hem-de ruhy gymmatlyklara aýawly çemeleşilmegini aňladýar hem-de bu ýörelgeler häzir hem özbek halkynyň agzybirligini we jebisligini üpjün edýär.

Belent ýadygärligiň etegine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Baştutany Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde awtoulagda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugraýar.

5-nji oktýabrda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler, onuň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew taraplaryň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de bar bolan kuwwatlyklaryň has doly durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçiliklere gararlar.

Möhüm ähmiýeti bolan bu sapara taýýarlyk işleriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek gerek. Onda 1993-nji ýylyň fewral aýynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýan iki ýurduň häzirki wagtda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi.

Diňe 2007—2021-nji ýyllar aralygyndaky döwürde ýokary derejedäki özara döwlet, resmi hem-de iş saparlarynyň 23-si amala aşyryldy, olar soňky döwürde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň — BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň we beýlekileriň ugry boýunça üstünlikli alnyp barylýan netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam berdi.

Ýurtlaryň ikisi hem öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklara uly umyt baglaýar, bu gepleşikler diňe bir uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek babatynda däl-de, Merkezi Aziýa sebitiniň giňişliklerinde işjeň ösdürilýän gatnaşyklary hasaba almak bilen hem örän möhümdir.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan sebit işleriniň oňyn ösdürilmegine, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, sebitde ygtybarly parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň berkarar edilmegine ýardam bermäge gyzyklanmalarynda bitewi garaýyşlara eýerip, ählumumy ösüşe we abadançylyga ýardam berýärler.

Ýakyn goňşy döwletleriň doly derejeli, işjeň hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy ählumumy bähbitler üçin oňyn halkara gatnaşyklary ugur edinýän Türkmenistanyň daşary syýasatyň örän möhüm we ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

Döwlet Baştutanynyň Özbegistana şu gezekki resmi sapary mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm sahypany açar.

Häzirki wagtda, döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda doganlyk döwletler öňden gelýän, her bir tarapyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de milli bähbitleriniň ileri tutulýan ugurlaryna doly kybap gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bildirýärler.

Eýýäm üstünlikli amala aşyrylan giň gerimli bilelikdäki taslamalar, hususan-da, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy hem-de durmuşa geçirilmegi ýaňy-ýakynda meýilleşdirilen taslamalar hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýediginiň subutnamalarydyr.

Özbegistan ýurdumyzyň öňe sürýän möhüm dünýä ähmiýetli, şol sanda häzirki zaman ulag düzümlerini kemala getirmek hem-de täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar, bu başlangyçlar sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň döwletara aragatnaşyklaryň hemişe ileri tutulýan ugry bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny bellemek gerek, muňa, ilkinji nobatda, ählumumy pandemiýanyň ýetirýän oňaýsyz täsirlerine garamazdan, iki ýurduň arasyndaky barha artýan haryt dolanyşygy hem şaýatlyk edýär. Taraplaryň bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen çuňlaşdyrylmagyna özara gyzyklanma bildirýändikleri geçen aýda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça geçirilen bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisinde hem tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň