Könürgenjjiň pagta-egirme fabrigi önümlerini Hytaýa eksport edip başlady

11:3102.10.2021
0
8721

Köneürgenç etrabynda ýerleşen pagta-egirme fabriginiň öndürýän ýokary hilli ýüplügini alýan daşary ýurtly müşderileriň sanawy barha uzaýar. Şu ýyl olaryň hataryna ilkinji gezek Hytaý hem girdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Bu kärhananyň önümine, adatça birnäçe Ýewropa we käbir Arap ýurtlaryndan bolan alyjylar isleg bildirýärler. Çig mal biržasynda baglanyşylýan ähtnamalaryň şertlerine laýyklykda her ýyl fabrik özüniň öndürýän pagta ýüplüginiň takmynan 70 göterimini daşary ýurtlara satýar. Muňa şu ýerde öndürilýän önümiň ýokary hilli bolmagy we kollektiwiň şertnamalaýyn borçlaryny durnukly ýerine ýetirmegi itergi berýär, çünki dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda şu şertlere aýratyn gadyr goýulýar.

Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän bu kärhana ýurduň iň ýaş dokma senagatydyr. Ol ýylda 6 müň 700 tonna pagta süýümini gaýtadan işlemäge we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän, hili ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän «Open end» pnewmo-mehaniki önümçilik usulyny ulanyp, 6 müň tonna ýokary hilli pagta ýüplügini öndürmäge ukyplydyr. Fabrikde ortatap energiýa sarp edip, ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýan kämil tehnologiýaly enjamlar ulanylýar. Bar bolan egriji enjamlar, daraýjy desgalar we belli kysymly beýleki ýöriteleşdirilen enjamlar hünär tejribesinidir ukyplaryny ýylsaýyn artdyrýan işgärler tarapyndan bökdençsiz ulanylýar.

Türkmenistanda iň iri pagta çig malyny öndürijileriň biri bolan Daşoguz welaýatynda döwlet maýa goýumlary netijesinde pagta öndürmegi, şeýle hem ondan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önüm alyp, gaýtadan işlemegi öz içine alýan degerli tapgyrlaryň döredilendigini bellemelidiris. Sebitde ösdürlip ýetişdirilýän orta süýümli pagtany gaýtadan işlemek işine 2010-njy ýylda Daşoguz şäherinde işe girizlip, her ýyl 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işleýän kärhanasy we dünýä bazarynda aýratyn isleg bildirilýän dürli reňkli «Ring» kysymly ýokary hilli pagta ýüplüginiň 14,5 müň tonnasyny öndürmäge ukyply pagta egriji zawody, şeýle hem pnewmomehaniki egirme usulynda ýüplük öndürmekde ýöriteleşen Serdar pagta egriji zawody-da gatnaşýar. Işlän döwründe olar içerki we daşarky bazarlarda sarp edijiler tarapyndan talap edilýän dokma önümçiliginiň ep-esli ýokarlanmagyny üpjün etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň