Baş drama teatrynda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin «Alabaý» atly spektakl taýýarlanylýar. Oýnuň edebi esasyny çagalar ýazyjysy we dramaturgy Hemra Şirow ýazypdyr we oýny goýujy režisýor Ylýas Durdyýew. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.
Alabaý atly güjüjek dowar goragçysy bolmak üçin obadan çöle gidýär. Ýöne goşda başga-da iki it bar. Olaryň biri bu güjügi halamaýar, beýlekisi bolsa oňa örüde gerekli endikleri öwredip başlaýar.
Alabaý diýseň üşüklije, ýöne öte sadalygy zerarly hemişe ýüňsakal bolýar. Gowy ýeri – ol hemişe kyn ýagdaýdan baş alyp çykmagyň hötdesinden gelýär.
-Biziň bu ertekini saýlamagymyzyň sebäbi, çagalar oýun gidip duran wagtynda baş gahrymana duýgudaşlyk bildirerler diýip pikir etdik. Şeýle hem olar gelşiklije güjüjegiň batyrgaýlygyndan nusga alarlarmyka diýýärin – diýip, Ylýas Durdyýew neşiriň habarçysyna gürrüň berdi.
Spektakla gatnaşýan aktýorlar dört aýakly haýwanlaryň gylyk-häsiýetini takyk görkezmegiň hötdesinden gelipdirler.
Nakgaş Güljemal Saparowa sahnany milli äheňde bezäpdir. Öri meýdany, gum depeleri, süýnmek gabaradan sallanyp duran ýüň sapaklar, çöl ösümlikleri bolsa türkmen keçelerinde ulanylýan gury baldajyklar şekilinde berlipdir.