Arhiw

“Hazar Logistik” HK-y Türkmenistanyň çäginde ammar hyzmatlaryny hödürleýär

17:0610.08.2021
0
13245

“Hazar Logistik” hususy kärhanasy Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde ammarlary kärendesine almak hyzmatyny hödürleýär.

Ammarlaryň umumy meýdany 3000 m2 deň bolup, bu ýerde konteýnerler we tehniki enjamlar üçin dürli otaglar hem bar. Şeýle-de, ürgün maddalar üçin aýratyn ammarlar, uly bolmadyk we ýörite maddalar üçin aýratyn ammarlar we otaglar gyzyklanma bildirýänlere hödürlenilýär.

Gelýän ýükleri saklamakda ammarlamagyň ähli talaplary we standartlary göz öňünde tutulýar. Ammarda saklanylýan ýükleriň her birine aýratyn saklama şertleri ulanylýar.

Ammarlara ýokary hilli ýollar guralyp, olara günüň dowamynda islendik wagtda barmak mümkindir. Müşderiler harytlary daşamak üçin ýörite enjamlar we ýükleýji işgärler bilen üpjün edilýär.

Ammarlar häzirki zaman yşyklandyryş ulgamlary, 24 sagat wideo gözegçiligi, ýangyn duýduryş datçikleri we ýangyn burçlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ammarlaryň ýerleşýän çäginiň her künjeginde gözegçiler hem bar.

“Hazar Logistik” ammarlary ýuridiki we fiziki şahslara kärendesine berlip, zerur bolan resminamalary taýýarlamak hyzmaty hem hödürlenilýar.

“Hazar Logistik” HK-y ýurdumyzda ygtybarly hem elýeterli logistika we ammar hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň biri bolup durýar. Kärhananyň iş merkezleri Mary, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerinde ýerleşýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň