Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

23:0905.08.2021
0
6256

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet saparynyň çäginde Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna baryp gördi.

Rahmon Türkmenbaşy şäherine kärdeşi Gurbanguly Berdimuhammedow bilen ugrady.

Deňiz porty bilen tanyşlygynyň çäginde täjik lideri Täjigistanyň harytlaryny we önümlerini daşamakda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada portuň ýolbaşçylary bilen söhbet etdi.

Bu merkezi beýleki ýurtlaryň bazarlaryna çykmak üçin ulanmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Taraplar deňiz portundan Täjigistanyň dürli harytlaryny import we eksport etmek meselesine garadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Emomali Rahmon Ulag ministrligine, Senagat we täze tehnologiýalar ministrligine we «Täjik demir ýollaryna» bu portdan netijeli peýdalanmak baradaky tekliplerini işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet saparynyň ahyrynda, 6-njy awgustda Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awazada» geçiriljek resmi däl sammitine gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň