Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Mihail Bulgakowyň 130 ýyllygyna bagyşlanan immersion oýun görkezildi

15:0126.07.2021
0
6446
Aşgabatda Mihail Bulgakowyň 130 ýyllygyna bagyşlanan immersion oýun görkezildi

Mihail Afanasýewiç Bulgakowyň doglan gününiň 130 ýyllygy mynasybetli, «ARTist» teatrynyň aktýorlarynyň taýýarlan «Bulgakow» immersion oýny Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky «Rus öýünde» görkezilip, uly üstünlik gazandy. Oýun Mihail Bulgakowyň iň meşhur üç eseriniň: «It ýüregi», «Zoýkanyň öýi» hem «Ussat we Margarita» eserleriniň ajaýyp parçalaryny öz içine alýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Immersion teatr oýny Aşgabatda ilkinji gezek geçirilýär. Bulgakowyň özüniň-de ajaýyp hyýalbent we täzelikçi bolandygyny göz öňünde tutsak, bu adaty däl we özboluşly teatryň hut şonuň eserlerini saýlamagynda käbir alamatlar bar.

Immersion teatr bu sungatyň iň häzirki zaman görnüşlerinden biridir. «Immersion» sözi iňlis dilinden terjime edilende, «çuňňur aralaşmak» manysyny berýär. Ýagny tomaşaçylar hem şol bir wagtyň özünde oýna gatnaşýarlar, olar aktýorlar bilen bir meýdançada bolýarlar, erkin hereket edip we hatda edebi gahrymanlar bilen gürrüňdeş-de bolup bilýäler.

Aktýorlara: «Berekella!» diýmelidiris – olar uly hyjuw bilen oýnadylar. Tatýana Öwezmyradowadan (professor Preobraženskiý), Rişat Kanibetowdan (Şarikow), Anuş Potarakdan (Zoýka), Mariýa Durdyýewadan (Alla), Nina Supankodan (Margarita), Igor Annagylyjowdan (Ussat), Wasiliý Andronowdan (Woland) ybarat ajaýyp aktýor topary “Bulgakow” oýnuny unudylmaz esere öwürdi.

Synag şowly geçdi, tomaşaçylar Bulgakowyň özlerinden edil iki ädimlikdäki gahrymanlaryndan uly lezzet aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň