Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan alty aýda Russiýanyň üstaşyry daşary ýurtlara 1 mln tonnadan gowrak nebit satdy

12:1908.07.2021
0
1191

Birinji ýarym ýylda türkmen nebitiniň Russiýanyň üstaşyry eksporty 1,05 mln (iýun aýynda 239,85 müň) tonna barabar boldy. Bu barada Interfaks habar berýär.

Bu, daşary ýurt bazarlaryna Russiýanyň üstaşyry nebit çykarýan ýurtlaryň arasynda ikinji ornuň görkezijisidir. Türkmenistanyň yzysüre 842,3 müň (iýun aýynda 141 müň) tonna we 498,55 müň (iýun aýynda 84,9 müň) tonna nebiti eksport eden Belorussiýa bilen Azerbaýjan gelýär.

Bu ýerde kerweniň başyny Gazagystan çekýär. Ol 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 6,73 mln (iýun aýynda 1,14 mln) tonna nebiti daşary ýurdtlara ugradypdyr.

Şeýle hem, Interfaks alysdaky daşary ýurtlara Russiýa nebitiniň eksportynyň 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda 104,06 mln tonna barabar bolandygyny habar berýär. Bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 12,1% azdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň