Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň demirgazygynda awtoulag ýangyç bekediniň durky täzelendi

10:0907.07.2021
0
3662
Türkmenistanyň demirgazygynda awtoulag ýangyç bekediniň durky täzelendi

Düýpli gurluşyk işleri geçirilenden soň Gubadag ― Daşoguz ýolunyň ugrunda №170 awtoulag ýangyç bekedi işe başlady.

Bekediň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Daşoguz welaýatyndaky «Türkmennebitönümleri» döwlet birleşiginiň hojalyk gurluşyk-timarlaýyş edarasynyň hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Ýangyç bekediniň köp gatnawly ýoluň ugrunda ýerleşýändigi awtoulag sürüjileriniň aglabasyna bekediň hyzmatyndan peýdalanmaga ýardam berer. Beket dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman kompýuterleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilendir. Bir gije-gündiziň dowamynda ýangyç bekedi 600-e çenli awtoulaglara hyzmat etmäge ukyply. Bu ýerde sürüjilere awtoulaglar üçin ýokary hilli benzin, dizel ýangyjy hödürlenilip, tölegler nagt hem-de bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen awtoulag ýangyç bekedi ýangyny söndürmäge niýetlenilen enjamlar bilen üpjün edildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň