Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT-de täze önümçilik ýola goýuldy

23:3004.06.2021
0
8418
TNGIZT-de täze önümçilik ýola goýuldy

Türkmenistanda polipropilen örtüginiň täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önümçilik Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilip başlandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 20, 25, 30 mikrometr galyňlykdaky gaplama örtüklerine goşmaça polipropilen örtüginiň täze görnüşiniň ýola goýlandygy mälim edildi.

Polipropilen örtüginiň bu görnüşi süýji önümlerini gaplamakda we sowgatlyk önümleriniň daşyny örtmekde giňden ulanylýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şeýle görnüşdäki önümleriň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ol içerki we daşarky bazarlara ugradylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän polipropilen örtükleriniň täze görnüşleriniň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işjeň peýdalanýandygyny belläp, ýurdumyzda dürli görnüşli, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň öndürilýän mukdaryny köpeltmegiň we görnüşlerini artmagyň wajypdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň