Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Talant Sultanow bilen duşuşdy.
Ilçi Talant Sultanow täze bellenilen wezipesi mynasybetli bildiren mähirli gutlaglary we ýagşy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek bilen, dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi.
Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmegiň oňyn mümkinçiliklerini kanagatlanma bilen nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, BMG-niň, ÝHHG-niň, YHG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çygrynda Türkmenistanyň Gyrgyz Republikasy bilen hyzmatdaşlygynyň konstruktiw häsiýetini bellediler. Iki döwletiň arasynda söwda gatnaşyklarynyň ösüş depgini nygtaldy.