Türkmenistan bilen Finlandiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

23:5822.06.2021
0
7770

22-nji iýunda wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň DIM-niň arasynda türkmen-fin maslahatlaşmalary geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Fin tarapyna bolsa Finlandiýa Respublikasynyň DIM-niň wekilleri we Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) Mariýa Elina Liiwala wekilçilik etdiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki döwletiň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmek babatda gyzyklanmalary beýan etdiler. Döwletara gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Şu ýylda şular ýaly saparlary guramagyň mümkinçiliklerine seredildi.

Diplomatlar DIM-iň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler we halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-niň çygryndaky işjeň özara gatnaşyklara iki döwletiň mundan beýläk-de ygrarlydygyny nygtadylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmegi bellediler.

Şeýle-de Türkmenistan bilen Finlandiýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesine syn berildi. Bu gatnaşyklary ösdürmegiň uly mümkinçilikeriniň bardygyny bellemek bilen, taraplar hyzmatdaşlygyň özara kabul ederlikli mehanizmlerini gözlemäge ylalaşdylar.

Mundan başga-da taraplar sebit we owgan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Goňşy döwletde parahatçylygy diňe syýasy we diplomatik usullar arkaly gazanmaga ynam bildirilýändigi barada türkmen tarapynyň garaýyşlary ýene bir gezek tassyklanyldy.

Diplomatlar şeýle-de bilim we ylym babatdaky gatnaşyklar bilen bir hatarda, ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ilerletmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň