Arhiw

Nýu-Ýorkda ilatyň 70 göteriminiň sanjym kabul etmegi mynasybetli feýerwerk atyldy

19:1116.06.2021
0
4606

Ilatyň 70 göterimine «Covid-19» sanjymynyň urulmagy mynasybetli Nýu-Ýorkuň agşamlaryny feýerwerk bezedi. 20 minut dowam eden bu şüweleň şäher ilaty üçin garaşylmadyk bir zat boldy.

«Rambler.ru»-nyň habaryna görä, ilatyň agramly böleginiň waksina kabul etmegi çäklendirmeleriň köpüsiniň ýatyrylmagy üçin şert boldy. Şeýlelikde, Nýu-Ýorkda 15-nji iýun agşamyndan başlap, aralyk, şäherde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek ýaly çäklendirmeler ýatyryldy. Ýöne dükanlar we restoranlar müşderilerinden örtük dakynmagyny talap edip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň