Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň poçta bölümlerinde demir ýol petekleriniň satuwy ýola goýuldy

18:2612.06.2021
0
22227

Ozal hem habar berşimiz ýaly, iýun aýyndan Türkmenistanyň iri şäherleriniň arasynda demir ýol gatnawlarynyň işi dolulygyna ýola goýuldy. Şeýle hem otly gatnawlary boýunça ýurduň çäginde hereket edýän ýolagçylaryň sanyny artdyrmak boýunça iş tertibi düzüldi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurduň poçta bölümlerinde demir ýol petekleriniň satuwy gaýtadan ýola goýuldy.

Häzirki wagtda demir ýol petekleriniň satuwy Aşgabadyň № 15, 17, 35, 20 poçta bölümlerinde amala aşyrylýar.

Petekleri satyn almak bilen bagly sowallara 075 telefon belgisi arkaly jogap berilýär.

Poçta bölümleriniň salgysy we telefon belgileri barada turkmenpost.gov.tm saýtynda ýa-da «Çapar» goşundysynda maglumat alyp bolar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň