"Röwşen aýakgap” hususy kärhanasy Türkmenistanyň söwda toplumynyň önümleriniň sergisine gatnaşýar

22:0731.05.2021
0
13150

30-njy maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmen halysynyň baýramy, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň söwda toplumynyň gazananlaryny görkezýän iki günlük sergi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän we önümçiligiň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan döwlet hem hususy kärhanalary özünde jemledi.

Olaryň biri-de Mary şäherindäki "Röwşen aýakgap” hususy kärhanasydyr. Sergä bu hususy kärhanasy Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň çäginde uly islegden peýdalanýan örän rahat hem ýokary hilli aýakgap önümleri bilen gatnaşdy. Kärhanada zenanlara, erkeklere hem-de çagalara niýetlenilen aýakgap önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.

2003-nji ýylda Mary şäherinde döredilen "Röwşen aýakgap” hususy kärhanasy aýakgaplary we gaýyş önümlerini öndürmekde uly tejribe toplap, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ýola goýmagy başardy. Häzirki wagtda kärhanada bir günde 500-den çenli aýakgap jübüti öndürilip, bu ýerde jemi 200-e golaý işgär zähmet çekýär. 100 göterim tebigy deriden taýýarlanylýan dürli görnüşli döwrebap aýakgaplar ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän 30-dan gowrak söwda dükanlarynda alyjylara ýetirilýär.

"Röwşen aýakgap” haryt nyşanly aýakgaplaryň önümçiligi döwrebap tehnologiýalar esasynda alnyp barlyp, iş ýagdaýyna çig mallaryň kreatiw diýazn we inženerçilik çözgütleri ornaşdyrylýar. Şeýle-de bu hususy kärhananyň resmi saýtynda alyjylara aýakgap önümleriniň islendik görnüşini saýlap, oturan ýeriňde söwda etmek hyzmaty hödürlenilýär.

Häzirki wagtda "Röwşen aýakgap” hususy kärhanasynyň aýakgaplary Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan we Özbegistan döwletlerine eksport edilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň