«Notariat Online Nobat» programmasy arkaly Aşgabatda notarius kabul edişligine ýazylmak bolýar

17:0210.05.2021
0
14537
«Notariat Online Nobat» programmasy arkaly Aşgabatda notarius kabul edişligine ýazylmak bolýar

Aşgabat şäher döwlet notarial edarasy tarapyndan işe girizilen «Notariat Online Nobat» (onlaýn nobat) mobil goşundysy internet ulgamynda raýatlar üçin elýeter boldy.

Mobil goşundysyny Google Play arkaly smartfonlara ýükläp, sanlyja minudyň içinde notariusyň onlaýn nobatyna ýazylyp bolýar. Munuň üçin «Nobat al» bölümine girmek hem-de degişli notarial hyzmatlaryny: miras, wesýetnama, satuw, ipoteka karzlary, karz üçin girew goýmak we beýlekileri saýlamak ýeterlikdir.

Şeýle hem bu ýerde degişli notarial hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin gerek bolan resminamalaryň sanawy ýerleşdirilendir.

Elektron nobata durmak üçin raýatdan şahsy maglumatlaryny: adyny, atasynyň adyny we telefon belgisini girizmek talap edilýär. Raýatyň telefon belgisine gelen sms-habarnamasynda onuň nobatynyň belgisi we QR-kody saklanýar. Bu kod raýata notarial edarasyna girmek mümkinçiligini döredýär.

Nobatyň golaýlandygy hakynda maglumaty mobil goşundysynyň «Häzirki nobaty bil» bölüminde almak bolýar. Şeýle-de raýata nobatyň golaýlandygyny duýdurýan ýörite sms-habarnamasy ugradylýar. «Meniň nobatlarym» bölüminde raýat dürli notarial hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin bellän elektron nobatlaryny gözegçilikde saklap biler.

Häzirki wagtda «Notariat Online Nobat» mobil goşundysy diňe türkmen dilinde işleýär.

Şeýle hem elektron nobata durmaga we nobatyň belgisini almaga günüň birinji ýarymynda mümkinçilik döredilýär.

Aşgabat şäher döwlet notarial edarasy tarapyndan «Notariat Online Nobat» mobil goşundysy ilata ýerine ýetirilýän notarial hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de notarial maslahat bermek iş ýagdaýlaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen işe girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň