«Altyn asyryň» elektron neşiriniň habaryna görä, Türkmenistanyň Milli Gengeşiniň Mejlisiniň resmi web saýty döredildi.
Bu internet çeşmesi, Milli Geňeşiniň Mejlis palatasynyň gurluşy we işi barada jikme-jik maglumatlary öz içine alýar. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Gengeşiniň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunçylyk namalary hem ýerleşdiriler.
Çeşmäniň belleýşi ýaly, aýratyn bölüm halkara çärelerine, hususan-da, parlamentara dostluk toparlarynyň çägindäki gatnaşyklara bagyşlanýar.