15-nji martda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Parahatçylyk we diplomatik derňewleri instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Halkara parahatçylygy berkitmekde Bitaraplygyň roly» atly halkara konferensiýa geçirdi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.
Ilçi A.Möwlamow giriş sözünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk taryhy barada gürrüň berdi. Ol dünýä diplomatiýasynyň we halkara gatnaşyklaryň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan degişli Kararnamalar bilen iki gezek ykrar edilendigini nygtady. Şeýle hem, ol ähli döwletleri dünýä tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryş bolup durýan başlangyç hökmünde 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistanyň işleriniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasy barada gürrüň berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ilçisi Bitaraplyk syýasatyny goldan we goldaýan Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna, Pakistanyň halkyna we hökümetine, şeýle hem ähli ýurtlara minnetdarlyk bildirdi.
Konferensiýada Pakistanyň Parlament işleri boýunça federal ministri Tarik Fazal Çaudri, BMG-niň Pakistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Muhammet Ýahýa, Parahatçylyk we diplomatik derňewler institutynyň prezidenti hanym Farhat Asif, Pakistanyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Tarik Osman Haýdar, Päkistanyň Milli goranmak uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar departamentiniň başlygy Kurram Ikbal we Şahid Zulfikar Ali Bhutto adyndaky Ylym we tehnologiýalar institutynyň Sosial ylymlary departamentiniň başlygy Tarak Wahid dagy çykyş etdi.
Çykyşlarda Bitaraplygyň örän uly mümkinçiliginiň we onuň ýörelgeleriniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylyk, hoşniýetlilik we abadançylyk maksatlary üçin has giňden ulanylmalydygy, şeýle hem ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly ýollar bilen gepleşikler arkaly stol başynda çözmek üçin netijeli meýdança öwrülmelidigi bellenildi. Ylaýta-da, dünýäniň köp ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary gurnamakda, şeýle hem halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde Bitarap Türkmenistanyň tejribesini öwrenmegiň we ulanmagyň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy.
Çäräniň dowamynda 30 ýyl mundan ozal «Marriott» myhmanhanasynyň hut «Crystall Ball Room» zalynda 1995-nji ýylyň hut 15-nji martynda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň taryhy 3-nji sammitiniň netijesi boýunça halkara arenasynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Bitarap statusyna bildirilen tutanýerli goldawy ykrar edýän we beýan edýän Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigi barada aýdylmagy aýratyn simwoliki häsiýete eýe boldy.
Çärä Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Pakistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň agentlikleriniň hem-de halkara guramalaryň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Pakistanyň ylmy-derňew merkezleriniň wekilleri, işewür toparlarydyr ýerli habar beriş serişdeleriniň görnükli wekilleri gatnaşdylar.