Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy sungatyň dürli ugurlary boýunça talyp hakly okuwlara çagyrýar

17:2228.04.2021
0
13439

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz web saýtynda Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrligine salgylanyp, La Skala teatr akademiýasy bilen hyzmatdaşlygyň esasynda ýöriteleşdirilen okuwlara gatnaşmaga çagyrýar. 9 aý dowam etjek okuwlarda okajak talyplar 10 gezek talyp haky bilen üpjün ediler. Okuwlar opera aýdymlaryny ýerine ýetirijiler üçindir.

Has takygy, okuwyň dowamynda her bir diňleýji üçin 900 ýewro talyp haky berler.

Isleg bildirýänler şu ýylyň 12-nji maýyna çenli akamediýanyň resmi saýty arkaly ýüz tutmaly. Okuwlar barada giňişleýin maglumatlar hem şol saýtda ýerleşdirilendir.

Şeýle hem ministrlik «Sungaty dolandyryş» hünäri boýunça hem 6 aýlyk okuwa çagyrýar. Bu okuwyň dowamynda her biri 900 ýewrodan bolsa talyp haklary 9 gezek töleniler.

Ýewropa Bileleşigine girmeýän döwletlerden geljek dalaşgärler üçin ýüz tutmalaryň 16-njy sentýabra çenli açyk boljakdygy hem habar berildi.

Has giňişleýin maglumaty şu salgydan tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň