Türkmenistanly mekdep okuwçylary Halkara Mendeleýew olimpiadasynda dört medala mynasyp boldular

12:4927.04.2021
1
24037

Türkmenistanly mekdep okuwçylary himiýa boýunça däbe öwrülen Halkara Mendeleýew olimpiadasynyň bu ýylky geçirilişinde hem üstünlikli çykyş etdiler. Olar dürli derejeli medallaryň dördüsine mynasyp boldular.

Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerine ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Dawut Muhammetgulyýew bäsleşigiň altyn medalyna mynasyp boldy.

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky mekdep-internatynyň okuwçylary Ýusup Döwletmyradow, Berdigylyç Rejepbaýew we Gözel Döwranowa bolsa kümüş medallara mynasyp boldular.

Türkmenistanly mekdep okuwçylary bu halkara bäsleşige Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky mekdep-internatynyň mugallymy Nazar Mämmedowyň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylky bäsleşik onlaýn görnüşinde 20 ― 26-njy aprel aralygynda geçirildi. Oňa dünýäniň 28 döwletinden ýaş himiýaçylaryň 140-sy gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Berdigylych ( 07.05.2021 )

Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky mekdep-internatynyň ady uytgedildi. Taze ady: Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internaty

1