Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakyldy

17:3016.04.2021
0
6046

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakyldy.

Bu hormatly at türkmen Liderine bedewleriň şan-şöhratyny dikeltmekde, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ýaşlarda atçylyga bolan höwesi döretmekde. geçirilýän at çapyşyklarynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda bedewe ezberlik bilen erk etmekde, öz seýislän bedewlerinde ýokary çapyksuwarlyk ussatlygyny görkezip, bäsleşikleriň yzygiderli ýeňijisi bolýandygyny, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň towakganamasyny we halkyň tekliplerini nazara almak bilen dakyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň