Türkmen telewideniýesiniň «Watan» habarlar gepleşiginiň habaryna görä, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Babaýew Kasymguly Gulmyradowiçi Türkmenistanyň Milli Gengeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak baradaky resminama gol çekdi.
Onuň işden aýrylmagy Türkmenistanyň iki palataly mejlisiniň Halk Maslahatynyň düzümine işe geçmegi bilen baglanyşyklydyr. Çünki Halk Maslahatynyň 14-nji aprelde geçirilen ilkinji ýygnagynda Kasymguly Babaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanypdy.