Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKSOÝ-yň agzalary bu gezek halk sazlary bilen birleşdiler

18:2927.02.2021
0
6057

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, TÜRKSOÝ halkara guramasynyň agzalarynyň hem-de halk saz gurallary orkestrleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly konsert geçirildi.

Onlaýn konsertiň başynda oňa gatnaşyjylar medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edilýän tagallalar, döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Konsertde Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan, Başgyrdystan Respublikalarynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe, Azerbaýjan, Moldowa ýaly döwletleriň sungat ussatlary üstünlikli çykyş etdiler.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň halk saz gurallary orkestri türki halklaryň milli sazlaryny ýerine ýetirdi. TÜRKSOÝ halkara guramasyna degişli ýurtlaryň halk saz gurallary orkestrleriniň türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirmekleri bolsa iň täsirli pursatlara beslenip, onlaýn konsertiň şowhunyny has-da artdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň