Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMGÖM DÖM-ny gazanmak üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini ulanmak boýunça webinar geçirýär

11:3217.02.2021
0
4890

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň „Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança“ atly bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän „Talap etmek boýunça bilermenler“ maksatnamasynyň goldaw bermeginde „Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini ulanmak“ temasy boýunça webinar geçirildi.

Webinaryň maksady döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini (DHH) ulanmak bilen, Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji halkara konferensiýasynyň Addis-Abeba hereketler maksatnamasynda berkidilen, DÖM-ny gazanmak üçin maliýeleşdirmegiň we maýa goýumlaryny çekmegiň öňdebaryjy halkara tejribesi bilen tanyşdyrmak bolup durýar.

Bu çärä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we ýurduň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin jogapkär we olary maliýeleşdirmek işine çekilen beýleki pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Webinaryň barşynda Moskwanyň halkara gatnaşyklary institutynyň (MHGI) ykdysady syýasat we döwlet hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça hanym Ýelena Zawýalowanyň ýolbaşçylygynda russiýaly bilermenler, şeýle hem DHH-nyň Milli Merkeziniň bilermenleri (Russiýa Federasiýasy), „WEB.RF“ döwlet ösüş korporasiýasynyň (Daşary ykdysady banky), Squire Patton Boggs halkara hukuk firmasynyň Moskwadaky edarasynyň bilermenleri Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň häzirki zaman mehanizmlerine, şol sanda ozalky sowet giňişliginiň ýurtlarynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini, ýokary hilli infrastruktura maýa goýumlary ýörelgelerini ornaşdyrmagyň halkara tejribesinden peýdalanmagyň mümkinçiligine, kanunçylygyň ösdürilişine we DHH mehanizmlerini ulanmagyň öňdebaryjy tejribesine, halkara standartlara, iň gowy tejribelere we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda DHH taslamalaryny taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň aýratynlyklaryna syn berdiler.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty halkara maliýe guramalary we institutlary bilen hyzmatdaşlygy birleşdirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň innowasion gurallaryny we mehanizmlerini ilerletmäge gönükdirilendir.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň