“Türkmen-Tranzit” kompaniýasy IT ulgamy boýunça işgärleri işe alýar

15:2408.02.2021
2
17159

“Türkmen-Tranzit” programma üpjünçiligi kompaniýasynyň işi barha güýçlenýär.

Kompaniýa täze pikirleriň döremegine şeýle-de ýaş tejribeli hünärmenleriň zerurlygyny göz öňünde tutup, täze işgärleriň işe alynjakdygyny habar berýär.

Häzirki wagtda kompaniýa, aşakdaky ýaly hünärmenler zerur:

  • Web-dizaýneri
  • Oýunlary dörediji
  • PÜ ornaşdyrmak we goldamak boýunça hünärmeniň kömekçisi
  • Front-end programmist
  • Başlangyç C# programmist
  • Pes tokly ulgamlaryň inženeri
  • Programmistiň kömekçisi

Dalaşgärleriň ýaşy - 20-35 ýaş aralygynda bolmaly şeýle-de ýokary ýa-da ýörite orta bilimi, rus, türkmen we esasy iňlis dilini bilmek zerurdyr. Saýlan hünäri boýunça iş tejribesi talap edilýär.

Has giňişleýin maglumaty, “Türkmen-Tranzit” kompaniýasynyň web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

“Türkmen-Tranzit” kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri programma üpjünçiligini ýola goýmak we döretmek bilen meşgullanýar. Kompaniýanyň gazanan üstünlikleriniň arasynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň web sahypalaryny döretmek, Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynyň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky elektron resminama dolandyryş ulgamyny döretmek we ornaşdyrmak şeýle-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň üçin iş gözleg programmasy we başgalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň