Türkmenistanda importuň ornuny tutýan önümçilik bilen bagly bäşýyllyk maksatnama taýýarlanylar

14:4506.02.2021
0
4528
Türkmenistanda importuň ornuny tutýan önümçilik bilen bagly bäşýyllyk maksatnama taýýarlanylar

2020-2021-nji ýyllar üçin çökgünlige garşy maksatnama laýyklykda, eksportyň möçberini artdyrmak we 2021 — 2025-nji ýyllarda import harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň ýurdumyzda öndürilýän önümçiliklerini döretmek boýunça maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmak wajypdyr ― diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň söwda toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň 70 göterime barabardygyny aýtdy. 2021-nji ýylda onuň paýyny 70,6 göterime ýetirmek göz öňünde tutulmalydyr.

Döwlet Baştutany ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çäreleriň dowam etdirilmelidigine, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilmelidigine, öndürilýän önümleriň eksport edilýän möçberini artdyrmakda usulyýet kömeginiň edilmelidigine, hususy taraplara harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny we görnüşlerini gözlemekde goldaw berilmelidigine ünsi çekdi.

Kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, işewürligi goldamagyň ýerli merkezleriniň işini giňeltmek, kärhanalary dolandyrmak, marketingi we telekeçiligi ösdürmek, maliýe serişdelerini çekmek boýunça hyzmatlary ýola goýmak zerurdyr.

Döwlet Baştutany söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna bu taslamany Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanan mejlisinde seretmek üçin hödürlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şu tabşyryklardan netije çykaryp, bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek barada toplumyň ýolbaşçylaryna görkezme berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň