Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň taslamasy bilen tanyşdy

23:5604.02.2021
0
25515

Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça 4-nji fewralda geçiren maslahatynyň dowamynda Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyrynyň taslamasy bilen tanyşdy. Maslahatyň dowamynda Ş.Durdylyýew türkmen Liderine Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 17-nji tapgyryny gurmak barada teklip edilýän şekilleri görkezdi.

Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň owadan şekilleri täze dynç alyş zolagyny has-da ösdürmeginiň geljegi barada düşünje almaga mümkinçilik berdi. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan, bezeginiň özboluşlylyklygy bilen tapawutlanýan kottej toplumlarynyň 10-sy bar. Şonuň bilen bir hatarda, edara ediş binasyny, lukmançylyk we söwda-hyzmat ediş merkezlerini, polisiýanyň we ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bölümini, 500 orunlyk 2 sany awtoduralgany, seýilgähleri, köpçülikleýin medeni çäreleri geçirmek üçin meýdançalary, beýleki degişli desgalary gurmak hem-de zerur inžener-tehniki we ýol düzümini döretmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalary, umuman, makullap, döwrebap dynç alyş düzümi döredilende ähli meseleleri göz öňünde tutmagyň, şol sanda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň wajypdygyny belledi. Gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bu künjegiň tebigaty bilen özboluşly sazlaşygy döretmelidir.

Döwlet Baştutany täze gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalar baradaky gürrüňi dowam edip, olaryň gurluşygynda bolşy ýaly, binagärlik aýratynlygynda, kottež jaýlarynyň ýaşaýyş üçin amatlylyk derejesinde häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täze tehnologiýalaryň we nou-haularyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Lider gurluşyk işleriniň hiline hem-de ulanylýan serişdeleri içgin saýlap almak meselelerine aýratyn üns bermegi nygtady. Şolar ekologiýa hem-de bezeg meselelerine laýyk gelmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň