Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy.
Irden milletiň Lideri Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriniň birinde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Bu ýerde döwlet Baştutanynyň garamagyna Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynyň baş meýilnamasy, onuň şekil taslamasy, toplumyň baş girelgesiniň görnüşleriniň taslamalary, bu ýerde oturdylmagy meýilleşdirilýän alabaýlaryň şekilleri, tomaşaçylar münberiniň görnüşleriniň, alabaý itleriniň sergi meýdançasynyň, päsgelçilikleriň görnüşleriniň taslamalary we toplumyň desgalarynda ulanylýan bezeg serişdeleriniň görnüşleri hödürlenildi.
Milletiň Lideri ýolugra dag etegindäki nurana ýollaryň çatrygynyň merkezinde oturdylan heýkeliň ýanynda saklandy. Ajaýyp ahalteke bedewine atlanan arkasy dutarly türkmen ýigidiniň heýkeli ady rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň hormatyna dikeldildi.
Soňra döwlet Baştutany şu ýyl ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän Söwda we dynç alyş merkezli desgalar toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew döwlet Baştutanymyza Söwda we dynç alyş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, toplumyň çäginde bina edilýän desgalar we olaryň aýratynlyklary, aýratyn-da, bu ýerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda döredilýän mümkinçilikler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi, munuň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna mynasyp sowgat boljakdygyny aýdyp şäher häkimine degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutany paýtagtymyz boýunça guran iş saparynyň dowamynda “Ak öý” awtobus duralgasynyň ýanynda saklanyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňra milletiň Lideri “Türkmenbaşy” Döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binalarynyň gurluşyk işleri bilen hem tanyşdy.