Soňky habarlar

Arhiw

Saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri Olimpiýa şäherjigindäki ýörite merkezi iri halkara ýaryşlara taýýarlarlar

12:5021.01.2021
0
491
Saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri Olimpiýa şäherjigindäki ýörite merkezi iri halkara ýaryşlara taýýarlarlar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginiň Saglygy dikeldiş merkezi we anyklaýyş barlaghanasynda bolup, öňde boljak dünýä çempionatynyň guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamany ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslazatlaşdylar. Şeýle hem bu ýerde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, degişli taýýarlyk işlerine girşildi.

Bu ýerde degişli işleri alyp barmak üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edildi. Bu ýerde türgenleriň halkara ýaryşlaryna kybap gelýän ýagdaýyny kesgitlemek, olaryň saglyk derejesini anyklamak we zerur bolan dikeldiş çärelerini amala aşyrmak üçin hemme zerur şertler bar. Bu binanyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara görkezijilerine doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Şu nukdaýnazardan bu ýerde ýörite okuwlary geçen lukmanlar we hünärmenler degişli işleri alyp bararlar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri bu binada dünýä çempionatyny geçirmekde zerur hasaplanylýan ähli işleri ýokary derejede ýerine ýetirerler. Munuň özi halkara ýaryşlaryna gatnaşýan türgenleriň saglyk ýagdaýyny we olaryň bäsleşige ýaramlylyk derejesini ýola goýmagyň möhüm şertini emele getirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň