Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak gaýa» eksporta üstünlikli girişdi

10:2518.01.2021
0
1946

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýetinde her gün­de gipsokartonyň or­ta­ça 8 müň sa­ny­sy ön­dü­ril­ýär. Ola­ryň nus­ga­la­ry goň­şy ýurt­la­ra-da ug­ra­dy­lyp, is­leg­le­riň art­ýan­dy­gy bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­kyn gel­jek­de eks­por­ta baş­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Ge­çen ýy­lyň 8-nji de­kab­ryn­da açy­lyp, ulan­ma­ga ber­len, Bal­kan we­la­ýaty­nyň Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da bi­na edi­len gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni we gip­so­kar­to­ny ön­dür­ýän kär­ha­na­nyň «Ak ga­ýa» ha­ryt ny­şan­ly, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­le­ri hem eks­port edi­lip baş­lan­dy.

Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy «Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň Ak­daş şä­her­çe­sin­de ýer­leş­ýän tä­ze önüm­çi­lik top­lu­my 25 gek­tar meý­dan­da ýer­leşýär. Onuň çä­gin­de do­lan­dy­ryş bi­na­sy, bar­lag-goý­be­riş no­ka­dy, iş­çi­ler üçin ýa­tak­ha­na, am­mar­lar we in­že­ner inf­rast­ruk­tu­ra­sy bar. Bu ýer­de Tür­ki­ýä­niň, Is­pa­ni­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň en­jam­la­ry otur­dyl­dy. Äh­li önüm­çi­lik ul­ga­my aw­to­mat­laş­dy­ry­lyp, ope­ra­tor ta­ra­pyn­dan do­lan­dy­ryl­ýar.

«Ak ga­ýa» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň tä­ze önüm­çi­lik top­lu­myn­da gu­ry gur­lu­şyk ga­ryndy­sy­nyň iki gör­nü­şi — bi­rin­ji ge­zek­de ça­lyn­ýan iri hem-de yzyn­dan ýyl­ma­mak üçin ow­nuk gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Olar 30 ki­log­ram hal­ta­la­ra gap­la­nan­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da gu­ry gur­lu­şyk ga­ryn­dy­sy sar­gyt­lar bo­ýun­ça Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na eks­port edil­ýär. Top­lum ýyl­da gip­so­kar­to­nyň 8 mil­li­on ine­dör­dül met­ri­ni ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Onuň uzyn­ly­gy 2,5 metr, ini 1,25 metr, ga­lyň­ly­gy 9,5 we 12,5 mil­li­metr öl­çeg­dä­ki 3 gör­nü­şi, ýag­ny ja­ýyň için­de ula­nyl­ýan ak, yz­ga­ra dur­nuk­ly ýa­şyl,şeý­le-de oda dur­nuk­ly gy­zylreňk­li­le­ri ön­dü­ril­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da,sar­gyt­lar bo­ýun­ça baş­ga öl­çeg­dä­ki­le­ri­ni hem ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik bar. My­sal üçin, sar­gyt bol­sa, ak reňk­li gip­so­kar­to­nyň 8 mil­li­metr­li­gi-de ön­dü­ril­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da iş­ler iki çal­şyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň