Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygy (BBÝK) Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň dekabrynda gol çekilen 2580 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna almak baradaky Kararyny mähirli garşylaýar. Komissarlygyň metbugat beýanatynda aýdylyşy ýaly, bu waka ýurtda raýatsyzlygy ýok etmek üçin ädilen möhüm ädimdir.
Şolaryň 60 göterimi 19 millete we etnik topara degişli bolan zenanlardyr.
Soňky 15 ýylda Türkmenistan 26 000 bosguna we raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk berdi. Döwlet 2011-nji ýylda raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýagdaýy bilen baglanyşykly 1954-nji ýyldaky Konwensiýa goşulaly bäri 13 müň adama raýatlyk berdi.
Şu ýylyň iýul aýynda kabul edilen täze Kanuna görä, Türkmenistanda doglan ähli çagalar ýurduň raýaty diýlip yglan edilýär. Täze Kanun BMG-niň degişli Komissarlygynyň boarçnamalaryna doly laýyk gelýär.