Ýurdumyzda agyz suwunyň täze gorlary ýüze çykarylyp, Türkmenistanyň ýerasty suw gorlarynyň kartasynda birnäçe täze ýataklar bellige alyndy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşiri habar berýär.
Ýurdumyzyň suw hojalygy pudagynyň hünärmenleri bu açyşy goşmaça suw çeşmelerini çykarmak boýunça işleriň möhüm bölegi hasaplaýarlar diýlip, neşirde aýdylýar. Sebäbi Türkmenistanyň çäginde gidrogeologik şertler çylşyrymly we ol geologik gurluşa, fiziki we geografik şertlere bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem territoriýanyň üçden iki böleginde derýa akabalary ýok. Süýji ýerasty suwlar bolsa çäkli ýerlerde bar. Düzgün bolşy ýaly, bu dördünji gatlaga çenli suw çeşmeleri Köpetdagda, Uly Balkanda we Köýtendagda - atmosfera suwlarynyň çökmeginiň hasabyna, Amyderýa, Murgap, Tejen derýalarynyň we Köpetdagdaky derýajyklaryň (Çandyr, Sumbar, Arçabil, Altyýap, Sekizýap we başgalar) jülgelerinde - kanal ýitgileri sebäpli emele gelýär.
Şu ýyl geçirilen gözlegleriň dowamynda "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasyna degişli türkmen gidrogeologlary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Uçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabyndaky Dostluk meýdançasynda agyz suw gorlaryny ýüze çykardylar. "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa bölüminiň hünärmenleriniň bellemegine görä, täze suw ýataklary - muňa iň golaý ýerleşen "Çopanýap" we "Çagatýap" obalarynyň ilatyny oňat hilli suwlar bilen üpjün etmekde möhüm orun eýelär.