Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmen-Tranzit" IT kompaniýasy täze şahamçasyny açdy

13:0713.10.2020
0
15443

Şu gün  ýurdymyzyň uly IT kompaniýasy bolan "Türkmen-Tranzit" kompaniýasynyň Mary welaýatynda taze şahamçasy açyldy. 

"Türkmen-Tranzit"  kompaniýasynyň ozal Balkan we Daşoguz welaýatlarynda şahamçalary döredilipdi.

"Türkmen-Tranzit" kompaniýasy 2010-njy ýyldan bäri türkmen bazarynda hyzmat edýär.

Kompaniýa ýurdumyzy ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün etmek we ornaşdyrmak, "sanlaşdyrma" ulgamyna girýän web sahypalary, programma üpjünçiligini, işewürligi awtomatlaşdyryş hyzmatlaryny,  kiberhowpsuzlygy we başgada birnäçe hyzmatlary giň gerimde hödürleýär.

Kompaniýa iri döwlet we hususy kärhanalary bilen şeýle-de kiçi we orta telekeçiler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Gazanan üstünlikleriniň arasynda Türkmenistanyň söwda we senagat edarasynyň şeýlede Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň web saýtlaryny işläp düzmek, "Gala" online dükany üçin programmany döretmek, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi üçin iş bilen üpjün etmek üçin ykjam programma ýaly birnäçe uly  işler bar. 

"Türkmen-Tranzit" mundan başga-da "Halkbank" we  "Türkmenhowaýollary" agentligi üçin elektron resminama dolanşygyny işe girizmek işlerine hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň