Soňky habarlar

Arhiw

«Sinhua» Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi bilen söhbetdeşlik gurady

13:3608.09.2020
0
9412

«Sinhua» habar agentligi Hytaýyň Halkara hyzmat we söwda sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň dostlukly döwletdäki ilçisi Parahat Durdyýew bilen söhbetdeşlik gurady.

Ilçi söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň HHR bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady. Şeýle hem ol Hytaýyň durnukly ösüşiniň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir etmegine garaşýandygyny aýtdy.

Ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy özenini energiýa serişdeleriniň düýändigini aýdyp, «Gaz geçirijisi biziň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk bagy boldy» diýip belledi.

Dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň geriminiň barha giňeýändigini bellän ilçi türkmen ýaşlary üçin Hytaýyň özüne çekiji ýurtdugyny aýratyn nygtady. Bu günki günde türkmenistanly talyplaryň müňlerçesi ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýar.

Ilçi döwletleriň arasyndaky şu ýylky gatnaşyklaryň, esasan, COVID-19 ýokanjyna garşy bilelikde göreşmäge bagyşlanandygyny aýdyp, Hytaýyň bu epidemiýa üstünlikli gözegçilik etmeginiň netijesinde şeýle halkara sergini geçirmäge mümkinçiligiň dörändigini belledi.

Ol söhbetdeşligiň dowamynda Hytaýyň soňky 40 ýyldaky ösüşlerine hem ýokary baha berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň