Soňky habarlar

Arhiw

Ukrain teleýaýlymlarynda Aziýa futbolyndan ýaryşlar görkeziler

12:1508.09.2020
0
5100

Ukrainanyň «Powerhnost TW» telekompaniýasy Ukrainanyň, Moldowanyň, Litwanyň, Latwiýanyň we Estoniýanyň teletomaşaçylaryna Aziýanyň iri futbol ýaryşlarynyň birnäçesini hödürläp başlar. Bu barada telekompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

Has takygy, 2021-nji ýyldan başlap, kompaniýa degişli «Sport 1», «Sport 2» we «Sport 2 Baltic» teleýaýlymlarynda täze futbol ýaryşlary peýda bolar. Telekompaniýa AFK-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezmek üçin dört ýyllyk şertnama baglaşdy. Şeýle hem tomaşaçylara AFK-nyň kubogyndan we 2023-nji ýylda Hytaýda geçiriljek Aziýa kubogyndan (saýlama tapgyryndan we final böleginden) duşuşyklar ýetiriler. Teleýaýlym Dünýä çempionaty — 2022-niň Aziýa boýunça saýlama duşuşyklaryny hem 3-nji tapgyrdan başlap görkezmegi meýilleşdirýär. Duşuşyklar 2021-nji ýylda geçiriler. Bu ýaryşda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň 9 utuk bilen «H» toparçanyň başyny çekýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň