Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:1624.08.2020
0
12271

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly wezipeler hem-de möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak şanly wakalara gabatlanylyp dürli maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegine taýýarlyk görmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy — diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ilki bilen göni wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de onuň bilen bir wagtda Ministrler Kabinetiniň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Häkim paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi we Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açylmagy meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyklarynyň barşy barada hasabat berdi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ählisine ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki, ulag-kommunikasiýa ugurlary bilen birlikde, ekologiýa taraplaryny hem göz öňünde tutup, toplumlaýyn çemeleşilmelidigini belledi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky gyş möwsümine, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny zerur ulanyş ýagdaýyna getirmäge taýýarlyk görmek, jemagat gulluklarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek, şäherde ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý etmek bilen bagly meseleleriň çözülişine ýene-de bir gezek häkimiň ünsüni çekdi we şunuň bilen baglylyklda, anyk tabşyryklary berdi.

Wise-premýere we häkime Aşgabatdaky täze gurluşyklarda, aýratyn-da, baýramçylyk seneleri mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda işleriň hilini we olaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak barada görkezme berildi.

Soňra welaýat häkimleri we ýurduň sebitlerine gözegçilik edýän wise-premýerler ýerlerde alnyp barylýan işler, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin görülýän çäreler, güýzlük bugdaý ekişine hem-de pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek üçin işlenip taýýarlanylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdiler.

Mundan başga-da, häkimler sebitleriň ýaşaýyş-durmuş düzümlerini kämilleşdirmek, gurulýan desgalarda işleriň depginini ýokarlandyrmak, ýetip gelýän täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek boýunça çäreler hem-de ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýe bolan şanly seneler mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berildiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk tehnikasyny, tohumlary, suw serişdelerini güýzlük bugdaý ekişine göwnejaý taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ygtybarly binýadyny tutmak üçin ähli agrotehniki kadalary hasaba almak bilen, ekin meýdanlaryny ekişe taýýarlamak, bu möhüm çäräni bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hil derejesinde geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti pagta ýygymynyň oýlanyşykly guralmalydydyna, agrotehniki möhletlere laýyklykda, gowaça ideg etmek, soňra bolsa pagtaçylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasylyň ýitgisiz ýygnalmalydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri oba hojalyk tehnikasyny, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlary, ýygnalan hasyly daşamak üçin awtoulaglary, pagta arassalaýjy kärhanalary we hasyly kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişini bellenilen wagtynda geçirmek, olara ideg etmek hem-de bol hasyly almagy üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Milletiň Lideri öňde boljak şanly wakalara, ilkinji nobatda, Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna ünsi çekip, bu şanly senä gabatlanyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň ýokary hilini we bellenilen möhletlerini berjaý etmegiň zerurdygyny nygtap, häkime we wise-premýerlere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow wideoaragatnaşyga çagyryldy, wise-premýer ýurdumyzyň okuw edaralarynyň täze okuw ýylyna taýýarlygy hem-de öňde boljak Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Bu gün ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim we oňat terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.

Milletiň Lideri täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmegi üçin ähli şertleri döretmek, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny ýokarlandyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň