Turkmenportal logo
27.07.20
6484764847
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanlylara Gurban baýramyny her kimiň öz öýünde bellemegini maslahat berýärler
Türkmenistanlylara Gurban baýramyny her kimiň öz öýünde bellemegini maslahat berýärler

Türkmenistanda 13-nji iýuldan bäri ýurtda girizilen öňüni alyş çäreleri bilen baglanyşykly raýatlara Gurban baýramy wagtynda adaty köpçülikleýin çärelere çäklendirmeler girizilmegi maslahat berilýär. Şeýle hem bu günler howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň köpelmegi sebäpli lukmançylyk örtüklerini ulanmaly, 2 metr howpsuz aralygy saklamaly we köpçülikleýin çäreleri çäklendirip, baýramçylygy öýde bellemeli. Bu barada TDH habar berýär.


Gurban baýramy türkmen halkynda ruhy arassalygyň we jebisligiň ajaýyp pursatlaryny özünde jemleýän mukaddes baýram hasaplanýar.