Medeniýet hepdeligi: bäşinji gün

22:1326.06.2020
0
2902
Medeniýet hepdeligi: bäşinji gün

26-njy iýunda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň zalynda ýurdumyzyň muzeýleriniň we döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işgärleriniň maslahaty geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň 2011-nji ýylda gurlan bu iri muzeýi öz binagärlik keşbinde ajaýyp milli binagärlik däplerini jemleýär.

Maslahata gatnaşyjylar muzeýleriň hem-de ýurdumyzyň döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň işlerini kämilleşdirmek, ugurdaş ulgama sanly tehnologiýalaryň, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýadygärlikleri wirtual modelirlemegiň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.  Şeýle hem olar häzirki zamanyň tehnologiýalaryny muzeýleriň işine giňden gönüden-göni ornaşdyrmak, muzeý gymmatlyklarynyň hasabyny ýöretmegiň elektron binýadyny döretmek, sanlylaşdyrmagyň kömegi bilen gadymy şäherleriň taryhy landşaftyny öwrenmek baradaky we beýleki meselelere degip geçdiler.

Daşoguz welaýatynyň muzeýine gadymy keçeler we dokma gurallary, agaç tabak, syrça bilen örtülen gadymy kerpiçleriň bölekleri, ýag juwazy, däne we suw saklamak üçin gaplar berildi. Bu tapyndylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide görkezildi.

Medeniýet hepdeligi — 2020-niň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Nejep oglan» operasynyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Ol adybir dessan boýunça sahnalaşdyrylyp, türkmen halk sazlary mekdebi hem-de öz ömrüni milli aýdym-saz däplerini saklamaga we öwrenmäge bagyşlan dessançy-bagşylar barada gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň