Medeniýet hepdeligi: dördünji gün

23:1825.06.2020
0
7068

Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky güni hem köp öwüşginli çärelere baý boldy ― diýip, TDH ýazýar.

Oňa gatnaşyjylar üçin şol gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Onda, esasan hem, milli tansy we folklor sungatyny öwrenmek hem-de oba medeniýet öýleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün usuly maslahatda ýurdumyzda strategik maksatnamalary amala aşyrmak hem-de şu maksat bilen häzirki döwrüň mümkinçiliklerinden, şol sanda milli emeli hemranyň, sanly telewideniýäniň, kitaphanalaryň, teatrlaryň, muzeýleriň we beýleki medeniýet ojaklarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar oba medeniýet öýleriniň işini ösdürmek we kämilleşdirmek, oba ýaşaýjylaryny döredijilige, medeni ösüşe we sungat babatdaky bilime, şol sanda halk teatrlaryny guramak işine çekmek üçin medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek hem-de ony geljekde hem netijeli we doly ulanmak mümkinçiliklerine ünsi çekdiler.

Maslahatda çykyş edenler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň medeni gymmatlyklarynyň jemgyýetimiziň ähli agzalary üçin deň derejede elýeterli bolmagyny üpjün etmäge çalyşýandygyny bellediler we milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi hökmünde folklory we milli tans sungatyny aýawly saklamaga hem-de giňden wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmagyň ýollary barada pikir alyşdylar.

Medeniýet öýünde mowzuklaýyn sergi hem guraldy.

Agşam dabaralar Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda dowam etdi Şol ýerde, aýdymçylaryň we sazandalaryň howandary Aşyk Aýdyň piriň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Diýarymyzyň bagşylarynyň we dessançylarynyň gatnaşmagynda «Bitarap Watanyň bezegi-nagşy, Şirwan perdä galyp çalsana bagşy» atly dabara geçirildi. Artistleriň ýerine ýetirmeginde dessanlar hem-de halkymyzyň söýgüli aýdymlary ýaňlandy.

Döredijilik forumynyň wakalara baý bolan dördünji güni Daşoguz şäherinde sungat ussatlarynyň köpöwüşginli konserti bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň