Türkmenistan “Western Unionyň” üsti bilen daşary ýurtlarda galan watandaşlara halkara geçirimlerini amala aşyrýar

23:4822.06.2020
1
66123
Türkmenistan “Western Unionyň” üsti bilen daşary ýurtlarda galan watandaşlara halkara geçirimlerini amala aşyrýar

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli watanyna gaýdyp bilmeýän watandaşlaryna kömek etmegiň tertibini döretdi.

“Türkmenportal”-a mälim bolşy ýaly, şu günden başlap Türkmenistanyň Merkezi banky we Daşary işler ministrliginiň tassyklan sanawyna görä, aýda 500 dollar konwertirlemäge hukugy bolan daşary ýurtlarda galan watandaşlara “Western Union” arkaly halkara geçirimlere rugsat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Serdargt90 ( 24/06/2020 )

Turkmenbashy bankdan soradym bizin habarymyz yok diydi, onda bu maglumat dogry dalmi -?

40