Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda harby gulluga ugratmak dabaralary geçirilýär

21:5703.06.2020
1
7831

2020-nji ýylyň ýazky çagyryş möwsüminde çagyryşa degişli raýatlary harby gulluga ugratmak Lebap welaýatynda hem guramaçylykly alnyp barylýar. Lukmançylyk barlagyndan üstünlikli geçen lebaply ýaş ýigitler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşun görnüşleriniň harby bölümlerine iberilýär. Bu waka mynasybetli demir ýol menzillerinde harby gulluga ugratmak dabaralary geçirilýär. Bu barada “Milli goşun” žurnalynyň web saýty habar berýär.

Harby gulluga çagyrylýan raýatlar tebigy ukyplaryna we raýat hünärlerine görä harby bölümleriň ygtyýaryna goýberilýär. Çagyryş tertibi boýunça harby gulluga ugradylýan raýatlar harby wekillikleriň ýygnanyşyk nokatlarynda täze harby lybaslary alýarlar. 

Harby gulluga çagyrylýan raýatlary harby gullugynyň dowamynda ýüzbe-ýüz boljak wezipeleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, harby wekilliklerde wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär we olara harby-watançylyk temasynda gysga göwrümli wideo şekiller görkezilýär. Bu çäreler esgerleriň Watana wepalylyk bilen gulluk etmäge we ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmakda şahsy goşantlaryny goşmaga ruhlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň