Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 3-nji iýunda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

18:3702.06.2020
1
32772
Türkmenistanda 3-nji iýunda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

Ertir – 3-nji iýunda Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçiler. Bu senä bagyşlanyp Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçiriler. Welosiped ýörişleriniň guramaçylykly geçirilmegi üçin paýtagtyň hem-de welaýat merkezleriniň köçelerinde awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilýändigi habar berilýär.

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda ir sagat 06:00-dan 18:00-a çenli aralygynda ýurduň welaýat merkezlerinde hem-de paýtagtyň “Arkaç” gözegçilik nokadyndan günbatarlygyna, “Saýat” gözegçilik nokadyndan gündogarlygyna, Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň günortasyndaky “Ak bugdaý” aýlawçasyndan günbatarlygyna hem-de demirgazyklygyna, şeýle-de paýtagtyň Atamyrat Nyýazow — Halkalaýyn köçesinden günortalygyna hem-de Gurbansoltan eje şaýolynyň ugrunda ýerleşýän, Gurtly ýaşaýyş toplumynyň ýol yşygyndan gündogarlygyna hem-de Köpetdag şaýolunyň ugrunyň — Ýanbaş ýaşaýyş toplumynyň çykalgasyndaky yza öwrülýän kesişmesinden gündogarlygyna paýtagtyň köçeleriniň ýokarda görkezilen wagt aralygynda çäklendirilýär.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy paýtagtyň we welaýat merkezleriniň köçelerinde awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilýändigi sebäpli, hususy ulaglary awtoduralgalarda goýmalydygyny hem-de hereketi diňe welosipedler ýa-da jemgyýetçilik ýolagçy awtoulaglary arkaly amala aşyrmalydygy barada ýatladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň