Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi şu ýyl iýun aýynda jemlener

12:0630.05.2020
0
4608
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi şu ýyl iýun aýynda jemlener

Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Abdyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigini, şeýle hem onuň çäklerinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu günler ýörite döredilen toparyň agzalarynyň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň dürli ugurlar boýunça türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň ösmegine uly goşant goşýan ukyply we zehinli döredijilik işgärleriniň iň oňat işlerini saýlap alýandygy habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer 22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik bäsleşiginiň jemleriniň jemleniljekdigini hem-de «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlaryna şu ýylyň iýul aýyndan başlamagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeniýetimizi we sungatymyzy has-da ösdürmäge itergi berýän hem-de ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam edýän her ýyl geçirilýän «Türkmeniň Altyn asyry» döredijilik gözden geçirilişiniň ähmiýetini nygtap, täze zehinleri ýüze çykarmak we hünär derejeli işgärleri taýýarlamak boýunça işleriň güýçlendirilmegini nazara alyp, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Lider iýun-iýul aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen medeni çäreler, şol sanda döredijilik bäsleşikleriniň netijeleriniň jemlenilmegi bilen baglanyşykly meselelere degip geçip, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmek işinde, ýaşlary terbiýelemekde bu medeni çäreleriň ägirt uly ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutany ähli baýramçylyk çärelerinde halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň agzybirligi we döredijilikli güýjüniň aýdyň beýan edilmegi üçin bu çäreleri ýokary derejede geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň