Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenpoçta» elektron hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär

19:4223.05.2020
5
10798

22-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Öwezow döwlet Baştutanyna «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, poçta hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we ösdürmek bilen baglanyşykly çäreleri amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň «Aragatnaşyk hakynda» Kanunyna esaslanyp, ýerine ýetirilen hyzmatlara seljermeleri geçirdiler we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar hem-de bu ugurda degişli teklipleri taýýarladylar.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we ony sanlylaşdyrmagy ýola goýmak üçin aragatnaşyk ulgamynda geljegi uly meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda anyk çäreleri görýändigini aýtdy. Iri taslamalary amala aşyryp, ýurdumyz ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara esaslanýar. Bu işde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyna möhüm orun degişlidir.

Aragatnaşygyň bu görnüşiniň artykmaçlyklaryny nazara alyp, müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň täze görnüşleri ösdürilmelidir diýip, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu düzümiň hyzmatlarynyň sanawyna diňe bir hatlary we döwürleýin neşir önümlerini hem-de beýleki serişdeleri ugratmak, dünýäniň dürli ýurtlaryna tizleşdirilen poçta hyzmatlaryny amala aşyrmak däl-de, eýsem, ähmiýetli maglumatlary yzygiderli täzelemegiň hasabyna meşhurlyga eýe bolýan elektron hyzmatlaryň häzirki zaman görnüşlerini işläp taýýarlamakdan ybaratdygyny belledi.

Aragatnaşyk ulgamynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna, iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň