Arhiw

25-nji maý Türkmenistanda dynç güni diýlip yglan edildi

21:3522.05.2020
0
10801

Şu gün – 22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda 2020-nji ýylyň 24-nji maýyndaky dynç gününi 25-nji maýa — duşenbe gününe geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2020-nji ýylyň 24-nji maýynda belleniler. Şoňa laýyklykda, 2020-nji ýylyň 24-nji maýyndaky dynç gününi 25-nji maýa — duşenbe gününe geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň