Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Stawropolyň türkmenleri Magtymgulynyň şygryýet gününi onlaýn-wideo arkaly belleýärler

12:3219.05.2020
0
8336

Stawropol türkmenleri her ýyl Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabaralar bilen belläp geçýärler. Bu dabara geçen ýyllarda ýüzlerçe myhman ýygnanyp, halk döredijiligi festiwallary, ýaryşlar, çeper okaýyşlar guralyp, milli tagamlar taýýarlanylýardy. Bu ýyl bolsa Magtymgulynyň şyrgyrýet güni mynasybetli çeper okaýylary koronawirus pandemiýasy sebäpli onlaýn ýagdaýda geçirmek kararyna geldiler.

Sesli şygyrlary we wideolary ýygnamak eýýäm başlandy. Bäş etrapdan we şäher etraplaryndan mekdep okuwçylary: Türkmenler, Blagodarnenskiý, Ipatowskiý, Arzgirskiý we Neftekumskiý türkmenleriň ýygjam ýaşaýan ýeri bolan şäherçeleriň arasynda etrapara bäsleşige gatnaşarlar.

Netijeler 25-nji maýda  Edelba Blagodarnenskiý obasynyň 14-nji orta mekdebinde ýaryşyň guramaçylyk komiteti tarapyndan jemlener. Ýeňijiler Stawropol sebitiniň türkmenleriň milli-medeni wekilligi tarapyndan baýraklar we sogatlar gowşurylar.

Edelbaý obasy Stawropol türkmenleriniň ýatdan çykmajak we medeni wakalarynyň merkezidir. Hut şol ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdyldy. Heýkeliň 2008-nji ýylda gurulmagy, bu ýurtlarda dört ýüz ýyllap ýaşaýan 15 000 Stawropol türkmenleriniň durmuşyna täze itergi berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň