Arhiw

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini iberdi

18:1302.05.2020
0
9979

Şu gün - 2-nji maýda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekilipdi. Resminamada Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hoşniýetlilik we raýdaşlyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini bermek Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli azyk önümlerini ynsanperwer kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek belenilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet saýtynyň habar bermegine görä, şu gün goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler. Ynsanperwer kömek Türkmenistanda öndürilen azyk önümlerinden ybaratdyr.

Türkmenistan BMG-niň ähli gatnaşyjy döwletleri tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary, hususan-da ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli goňşuçylyk hem-de parahatçylyk söýüjilik gatnaşyklaryny saklaýar. Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara işlere işjeň gatnaşmak bilen, goňşy Owganystanyň halkara hem-de sebit hereketlerine durmuş-ykdysady taýdan gatnaşmagyna möhüm goşandyny goşýar we iş ýüzünde iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirýär hem-de ynsanperwer häsiýetli kömeklerini yzygiderli berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen, golaýda ýerleşen döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar we zerur bolan halatynda goňşulary üçin ýeňil bolmadyk döwürde ýardam kömegini berýändir. Bu hereketler bolsa öz nobatynda türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň