Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝB-niň Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw berýän taslamasy boýunça duşuşyk body

20:2723.04.2020
0
8093

Türkmenistanyň Milli bilim institutynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşygy boldy. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bu çärä ÝB tarapyndan taslamanyň ýolbaşçysy Ştefan Ziwert, şeýle hem maliýe menejeri we uly direktory gatnaşdylar.

Milli bilim institutynyň ýolbaşçylary hem-de taslamanyň esasy benefisiary bolup durýan Bilim ministrliginiň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň hünärmenleri, komitetiň agzalary Türkmenistana wekilçilik etdiler. Olaryň hatarynda käbir ministrlikleriň we edaralaryň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bar.

Ylym-bilim ulgamy Türkmenistanyň ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmen tarapy ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda wezipeleri nazara almak bilen, Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň täze strategiýasynyň çäklerinde degişli ugry, şol sanda başlangyç, orta we ýokary hünär bilimini güýçlendirmegi teklip etdi.

Şeýle hem Ýewropanyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň arasyndaky alyşmalary işjeňleşdirmegiň, ýaş hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyny giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça işler alnyp barylýar.

Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasyna 2016-njy ýylyň ahyrynda badalga berildi. Onuň maksady ýurdumyzda halkara ölçeglere kybap gelýän bilimiň innowasion nusgasyny döretmäge ýardam etmekden ybaratdyr.
Taslamanyň esasy wezipeleri bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy Ýewropa tejribesine hem-de zähmet bazarynyň ýagdaýynyň seljerilmegine laýyklykda okuw maksatnamalaryny we gollanmalary döwrebaplaşdyrmak bolup durýar.

Onuň çäklerinde bilim ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, dünýä tejribesiniň ulanylmagyna hem-de bilim bermegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan okuw maslahatlary we aň-bilim çäreleri guralýar. Taslamanyň edara binasy ýerleşen Milli bilim institutynyň binýadynda bilim berýän ýörite okuwlar, hyzmatdaşlar we halkara bilermenler bilen duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

Ýörite okuwlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen dil arkaly we sanly bilim konsepsiýalaryny amala aşyrmak bilen gös-göni bagly bolan innowasion özgertmeleri işjeň goldamaga gönükdirilendir.

Mysal üçin, geçirilen çäreleriň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin ýörite okuw bolup, ol elektron bilim serişdeleriniň wirtual çägini giňeltmek üçin MOODLE halkara portalyny döretmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak babatda sanly bilime eýe bolmaga gönükdirilendir. Ýörite okuwa gatnaşyjylaryň ýardam etmegi netijesinde bu halkara okuw maksatnamasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýigrimisiniň okuw işine ornaşdyryldy.

Ýolbaşçy komitetiň duşuşygynyň barşynda taslamanyň nobatdaky — ýedinji tapgyryny amala aşyrmagyň netijeleri seljerildi hem-de ony jemleýji döwürde — 2020-nji ýylyň aprel — sentýabr aýlarynda durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň