Soňky habarlar

Arhiw

Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy milli teatryň eserlerine onlaýn tomaşa etmäge çagyrýar

21:0730.03.2020
0
11840

Belarusyň Baş drama teatry «Kupalowskiý hepdesi» atly onlaýn taslamasyny durmuşa geçirýär diýip, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Taslama, esasan, Yanka Kupala adyndaky Milli akademiki teatrynyň sahna eserlerine tomaşa etmek mümkinçiligini giňeltmäge gönükdirilendir. Hepdäniň dowamynda tomaşaçylar, şol sanda Belarus teatrynyň muşdaklary, Belarus diasporasy, daşary ýurtda ýaşaýan Belarus raýatlary, şeýle hem teatr sungaty bilen gyzyklanýan halk köpçüligi, öýden çykman, teatryň birnäçe eserine tomaşa edip bilerler.
Ilçihananyň bellemegine görä, şeýle taslama teatryň taryhynda ilkinji gezek gurnalýar.
Taslama 27-nji martda ― Halkara teatr gününde, «Paulinka» spektakly bilen başlandy. 
31-nji martda Kupalowskiý teatrynyň saz toparynyň gatnaşmagynda Mark Mermanyň eserleri esasynda Nikolaý Piniginiň režissýorlyk eden meşhur «Weltmeister-akardeon» atly konsertiň ýazgysy görkeziler.
2-nji aprelde bolsa «Urajaý» kamera sahnasynyň repertuaryndan spektaklyň ýazgysyny görmek bolar. Dmitriý Tişkonyň ajaýyp önümi Belarusyň häzirki zaman dramaturglaryndan biri Pawel Prýažkonyň eserine esaslanýar.
Onlaýn ýaýlyma baglanmak we taslama barada jikme-jik maglumatlary «kupalauski.by» web saýtyndan we teatryň sosial ulgamlaryndan tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň