Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy watandaşlaryna ýurda dolanmak boýunça zerur kömekleri berýär

23:2626.03.2020
0
32432

Ikitaraplaýyn howa gatnawlarynyň wagtlaýyn ýatyrylandygy sebäpli, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasyny Russiýadaky ildeşlerimizi ýurdumyza alyp gaýtmak meselelerini çözýär. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Şonuň üçin hem Russiýanyň çäginde galan Türkmenistanyň raýatlarynyň +79855300516 telefon belgisi ýa-da konsulmoskva@inbox.ru elektron salgysy boýunça habarlaşmagy soralýar.

Türkmenistan öz raýatlaryny hem daşary ýurtlardan, esasan-da, koronawirus epidemiýasynyň ýaýran ýurtlaryndan getirmek boýunça işleri dowam etdirýär. Ýurdumyza getirilýän raýatlarymyzyň arasynda dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinde okaýan talyplar hem bar. 

Häzirki wagtda degişli edaralar tarpyndan uçuşlaryň täze ugurlary hem işlenip düzülýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň