Soňky habarlar

Arhiw

Belarusyň ilçisi Aşgabatda elektrikli awtobuslary synagdan geçirmegi teklip etdi

19:1429.02.2020
0
7063

Aşgabat şäheriniň häkimi Ýaztagan Gylyjow bilen Belarusyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostiniň arasyndaky duşuşykda dostlukly döwletiň awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamlaryny, ýük ulaglaryny, peýdaly oba hojalyk tehnikalaryny, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny we tekeleriň dürli görnüşlerini Türkmenistana, şol sanda Aşgabada getirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belarus ilçihanasynyň resmi saýtynda ýazylyşyna görä, taraplar Belarusda öndürilen elektrikli awtobuslarynyň Aşgabatda synagdan geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler.

Elektrikli awtobus ― bellenen ugur boýunça ýolagçylary gatnatmak üçin ulanylýan ulag. Onuň önümçiligine 2017-nji ýylda girişildi. Belarus Aşgabat şäherine olaryň üç görnüşini teklip edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň